Türkmenistanyň hususy kärhanalarynda öndürilýän süýt önümleriniň dürli görnüşleri, şol sanda mesge ýaglary özüniň ýokumlylygy, ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Bu barada «Rysgal» gazeti şeýle habar berýär:
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Alym Taýyrow 2014-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde mesge ýagynyň önümçiligini ýola goýdy. Kärhanada Russiýa Federasiýasynda öndürilen enjamlar ornaşdyrylypdyr. Önümçilikde palma hem-de pagta ýagy esasy çig mal hökmünde ulanylýar. Bu ýerde sagatda bir tonna mesge öndürmek mümkinçiligi bar. Taýýar önüm 5 hem-de 10 kilogram agramda ýörite böleklere bölünip, «Mesgen» haryt nyşany bilen ýerli bazarlarymyza çykarylýar.