JEMGYÝET

Ýaşulular geňeşiniň mejlisine bagyşlandy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisiniň işini wagyz etmek maksady bilen Lebap welaýat maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebinde maslahat geçirildi. Oňa ýaşuly nesliň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, mugallymlar we talyplar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistan — bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy» diýen at bilen geçirilen bu maslahatda ýaşulularyň çykyşlaryna giň orun berildi. Çykyşlarda gaznanyň işini kämilleşdirmek, onuň serişdeleriniň hasabyna hemaýata mätäç ýaş nesliň saglygyny berkitmek, olary goldamak ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladalar dogrusynda nygtaldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: