YKDYSADYÝET

Lebap welaýaty galla oragyna taýýar

Şu günler Lebap welaýatynyň bugdaýly meýdanlarynda dördünji ösüş suwuny tutmak işleri hem tamamlandy. Ekinler ösüşiniň dowamynda fosfor, karbamid we ammiak selitrasy bilen doly üpjün edildi.

Şeýle hem şu günler kärendeçilerdir agronomlar tarapyndan hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyndan alyp beren «Bezostaýa-100» we «Alekseýiç» ýaly görnüşleri ekilen meýdanlarda degişli işler geçirilýär. Şu babatda «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginde hem anyk çäreler görülýär. Häzire çenli welaýatda bar bolan galla kabul ediş nokatlarynyň 35-si hem hasyly kabul etmäge doly taýýar edildi. Ýerlerde guşgursak galla hasylyny kabul etmek üçin 38 sany elektron terezi gurnalyp, olar «Türkmenstandartlary» döwlet gullugy tarapyndan doly barlanyldy we guratlygy barada degişli resminamalar berildi.

Welaýatyň çägindäki elewatorlarda, ammarlarda, bassyrmalarda we açyk meýdanlarda hem galla kabul etmek möwsümine doly taýýarlyk görüldi. Galla kabul etjek nokatlaryň hasapçylary, barlamhana, terezihana işgärleri gerekli gollanmalar, ýük harytnamalary we beýleki resminamalar, nokatlarda zerurlyk ýüze çykanda ulanyljak tok beriji generatorlar, suw sorujylar we ýangyn söndüriji enjamlar bilen doly üpjün edildi. Bugdaý oragyna gatnaşjak kombaýnlar gözden geçirilip, galla daşamaga niýetlenilen hususy we döwlet awtoulaglarynyň degişli edara-kärhanalary bilen şertnamalar baglaşyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: