BIZE YAZYARLAR

Ýoluňyz ak bolsun, eziz körpeler!

Şu günler gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde mekdebe çenli çagalar edaralarynda mekdep ýaşyna ýeten körpeleriň çagalar baglary bilen hoşlaşyk dabarasy bellenilip geçirilýär. Ýakynda şeýle dabara biziň çagalar bagymyzda hem uly ruhubelentlikde geçirildi. «Hoş gal, bagym» at bilen geçirilen dabara çagalar baglarynyň ýolbaşçylary, terbiýeçileri, täze okuw ýylynda ak mekdepleriň bosagasyndan ätlejek körpeler, olaryň ata-eneleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Biziň çagalar bagymyzda terbiýelenilýän körpeleriň 44-si 2023—2024-nji okuw ýylynda ak mekdebe gadam basarlar. Bilim terbiýeçilik edaramyzda mekdebe taýýarlaýyş toparynda körpelere döwrebap bilim we sagdyn terbiýe berildi, bilim ulgamynyň başlangyç tilsimleri we endikleri yzygiderli öwredildi. Bilim işgärleriniň tagallasy bilen alnyp barylýan aýdyň maksatly işlerde göwnejaý özgerişikler gazanyldy. Şonuň üçin hem çagalar bagymyzyň işgärleri öz terbiýe berýän körpeleri bilen bu dabaraly güne buýsançly geldiler. Olaryň ýürek joşgunlaryna körpeleriň ata-eneleri hem ruhubelentlik bilen goşuldylar. Dabarada bilim işgärleriniň mähirli gutlaglary ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, erkana ylym-bilim almagy, giň gözýetimli, başarjaň, ukyply bolup ýetişmekleri ugrunda bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza aýdylan alkyş sözleri bilen utgaşdy. Soňra dabaranyň dowamy körpeleriň taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Olar «Hoş gal, çagalar bagym», «Körpeleriň mekany», «Arkadagym bar», «Biz Watanyň balasy» ýaly aýdymlary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de labyzly okalan goşgular, ýerine ýetirilen milli tanslar, degişme sahnalary dabaranyň şowhunyny belende göterdi. Dabaranyň soňunda körpelere çagalar bagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy we olara ak ýol arzuw edildi.

Dilaram Permanowa,

Dänew etrabyndaky 12-nji «Älemgoşar» çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: