DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýaponiýada dünýäniň iň garry ýaşaýjysy ýaşaýar

Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ýaponiýaly Kane Tanake dünýäniň iň garry ýaşaýjysydyr. Onuň doglanyndan bäri 117 ýyl 260 gün boldy. Mail.ru-nyň ýazmagyna görä, bu barada 18 sentýabrda NHK telekanaly habar beripdir.
Bu bütinýapon rekordydyr. Geçen ýyl aradan çykan Nabi Tadzim hut şonça ýaşapdy.
Kane Tanake 1903-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda eneden doglupdyr. Ol şekelat iýmegi we gazly suwlary içmegi halaýar. Özüniň aýtmagyna görä, 120 ýaşa çenli ýaşajakdygyna ynanýar.
Soňky maglumatlara görä, häzir ýaponiýada 100 ýaşdan geçen 80 müň gowrak adam ýaşýar. Olaryň 88%-i aýallardyr. 1963-nji ýylda Ýaponiýada 100 ýaşdan geçen 153 adam bardy. 1981-nji ýylda olaryň sany bir müňe ýetdi. Eýýäm 1998-nji ýylda bolsa bu san 10 müň boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply