DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Buz diski emele geldi

Gyşyň tamamlanyp, jahana baharyň aralaşanyna bir aý çemesi wagt bolup barýar. Ýöne şu gyşda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny oda-köze salan aýaz heniz hem täsirini gowşadanok. Sowuk howanyň netijesinde bu ýerde adaty däl tebigy görnüşler hem ýüze çykýar.
Dünýä metbugatynda ýaýran habarlara we surata görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Uestbruk şäheriniň içinden geçnä derýada diametri 90 metrden hem geçýän ägirt buz diski emele geldi. Kenar bilen baglanyşygy bolmadyk buzuň derýada halka berip aýlanýandygy bolsa has-da täsindir.
Aýdylyşyna görä, beýle hadysa suwa akymlarynyň ýarym buz halyna gelip, ownuk böleklere bölünmegi we akymyň ugrunda görä aýlanmagy bilen ýüze çykýar.
Emele gelen ýagdaýyň suratyny synlamak hem haýran galdyrýar. Şäheriň ýaşaýjylary bolsa bu tebigy täsinligiň gözli şaýatlary boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply