Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahnasynda — Çingiz Aýtmatowyň eseri

Sep 22, 2020

Şu günler Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleri mynasybetli «Elwan ýaglykly serwim» atly sahna eserini sahnalaşdyrmagyň üstünde işleýärler.
Gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň powestiniň esasynda ýazylan sahna eserini Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, teatryň baş ýolbaşçysy Mekan Sylabow sahnalaşdyrýar. Onda Türkmenistanyň halk artistleri Babageldi Rejebow we Akjagül Suhanowa çykyş edýärler. Baş keşpleri teatryň zehinli artistleri Döwlet Haýtgulyýew hemde Gülälek Jumaýewa dagy janlandyrýarlar.
Teatryň döredijilik topary bu işi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XXIX ýyllygy hem-de hemişelik Bitaraplygynyň XXV ýyllygyna bagyşlaýar. Ol baýramçylyk günlerinde tomaşaçylara görkeziler.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: