YKDYSADYÝET

Lebap sement zawodynda mineral goşundyly sement öndürilip başlandy

Tehnologiýasy türkmen alymlary — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen mineral goşundyly sement «Lebap» sement zawodynda önümçilige ornaşdyryldy. Bu barada institutyň alymlarynyň «Türkmenistan» gazetinde çap edilen çykyşlarynda aýdylýar.
Häzirki wagtda zawodda «PS 400 G20», ýagny, 20 göterim mineral goşundyly, 400 kysymly portland sementi öndürilýär. Sementiň kysymy onuň berkligi bilen häsiýetlendirilýär. Sementiň berkliginiň ýokarlanmagy bolsa, öz gezeginde, gurulýan binalaryň binýadynyň has-da pugta bolmagyny üpjün edýär. Hut şonuň üçin-de, Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurdaky alnyp barylýan işleri «PS 500 G20», ýagny, 20 göterim mineral goşundyly, berkligi 500 kysymly portlandsement öndürmäge gönükdirdi we ony esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitledi. Bu möhüm meseläniň oňyn çözgüdini tapmak üçin mineral goşundyly sementiň berkligine täsir edýän ýagdaýlara ünsi çekmeli bolýar.
Mineral goşundyly sement önümçiliginiň netijeliligi şu aşakdakylardan ybaratdyr:
— sementiň gurluşyk we tehniki häsiýetlendirijileriniň gowulanmagy;
— maddy we ýangyç-energetika serişdeleriniň, ilkinji nobatda, sarp edilýän çig mallaryň, tebigy gazyň we elektroenergiýanyň tygşytlanmagy, netijede, önümçiligiň ykdysady taýdan amatlylygy;
— daşky gurşawa bölünip çykýan zyýanly gazlaryň, ilki bilen, kömürturşy gazynyň mukdarynyň peselmegi, netijede, bu önümçiligiň ekologiýa taýdan oňaýlylygy;
— önümçilikdäki tehnologik gurallaryň, enjamlaryň we abzallaryň könelmegi sebäpli önümiň hiliniň peselmeginiň aradan aýrylmagy;
— önümçilik kuwwatlylygynyň artmagy.
«Lebap» sement zawodynda öndürilýän mineral goşundyly semente «pussolanlar» diýlip atlandyrylýan minerallara degişli bolan bazalt magdany goşulýar. Şeýlelikde, mineral goşundylaryň işjeňligi ondaky kremniý oksidiniň işjeňligi bilen kesgitlenilýär. Şonuň üçin düzüminde işjeňligi ýokary bolan kremniý oksidini saklaýan pussolan mineraly goşundy hökmünde ulanylsa, onda 500 kysymly mineral goşundyly sementi almak mümkinçiligi hem bardyr. Şoňa görä-de, bu ugurdaky işler düzüminde işjeňligi ýokary bolan kremniý oksidini saklaýan minerallara gönükdirildi. Ony Köýtendag sebitlerindäki minerallary öwrenmekden başlamak maksadalaýyk hasaplanyldy. Sebäbi «Lebap» sement zawodynda häzirki wagtda ulanylýan pussolan esasly bazalt magdany Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 3 km günorta-gündogaryndan daşalýar. Munuň özi uzak aralyk bolup, goşmaça çykdajylary döredýär. Hut şonuň üçin-de, Köýtendag sebitlerindäki bar bolan minerallara seljerme geçirilip, olaryň käbirinde minerallaşan kremniý oksidiniň ýokarydygy ýüze çykaryldy. Has anygy, «gyzyl gumdaş» hem-de «apoka» diýlip atlandyrylýan minerallardaky kremniý oksidiniň mukdary 75 göterime çenli baryp ýetýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply