DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Pes temperatura niýetlenen üýtgeşik batareýa —60°C sowukda hem işleýär

San-Diegodaky Kaliforniýa uniwersitetiniň nanoinženerleri has sowuk temperarutada gowy işläp biljek litiý-metal batareýalaryny döretmek üçin täze pikiri öňe sürdüler. Bu barada «mail.ru» ýazýar.
Oňa meňzeş häzirki zaman batareýalary sowukda tok berýärler, ýöne olary zarýada goýmak üçin ýyly ýer gerek. Şoňä görä-de, olaryň netijeli işlemekleri üçin gapdalyndan ýylylyk beriji enjam hem gerek. Bu bolsa käwagtlar işi guramak üçin amatsyzlygy döredýär, käwagtlar bolsa gyzdyryjylary ulanmak asla mümkin bolmaýar. Täze akkumulýator bolsa has sowukda-da togam berýär, zarýadam alýar.
Synaglaryň netijesinde nanoinženerler litiniň ionyny elektrolit gowşak sakladygyça, akkumulýatoryň gowy işleýändigini ýüze çykarypdyrlar. Olar iki görnüşli batareýalaryň häsiýetlerini deňeşdirip görüpdirler. Birinjisinde, litiniň ionlary biri-bir bilen gowşak baglaşylan eken, beýlekisinde — berk.
Elementleri gowşak baglanyşykly litiý-metal akkumulýatory hatda —60°C sowukda-da gowy işläpdirler.—40°C we —60°C sowukda 50 gezek synagdan geçirenlerinde akkumulýatorlar degişlilikde zarýadynyň 84% we 74%–ni harç edipdirler. Beýleki akkumulýatorlar bolsa iki gezekki synagdan soň işlemesini goýupdyrlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply