DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýaponiýada ýaşy 100-den geçen adamlaryň 86,5 müň töweregi ýaşaýar

Ýaponiýada ýaşy 100-den geçen adamlaryň 86,5 müň töweregi ýaşaýar. Bu barada saglygy goraýyş, zähmet we ýurduň durmuş abadançylygy ministrliginiň maglumatlaryna salgylanmak bilen, «NHK»  teleradiokompaniasy habar berýär, diýip «Российская газета» ýazýar.

Gyzykly ýeri, olaryň 88 göterimini zenanlar tutýarlar. Has takygy, ýaşy ýüzden geçen ýapon zenanlarynyň sany 76 müň 450-ä barabar. Erkekler bolsa has az — bary-ýogy 10 müň töweregi.

Žurnalistleriň bellemeklerine görä, bu soňky elli ýyldaky iň ýokary görkezijidir. Mysal üçin, geçen ýyl bir asyrdan köp ýaşan ýaponlaryň sany häzirkisinden 6 müň 60 adam azdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: