BIZE YAZYARLAR

Ýagyşly günler garaşýar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy merkezi metbugatda şu hepdäniň dowamynda Lebap welaýatynda ýagyşly howanyň boljakdygyny habar berdi. Şeýle hem hepdäniň bütin dowamynda howa üýtgäp durýan bulutly bolar.

Täze hepdäniň dowamynda Lebap welaýatynda günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser.

Howanyň temperaturasy geçen hepdedäkä garanyňda, ýene-de maýlar. Eger käbir günlerde gijeki sowuklar -1… -6 gradusa ýetse, käbir gijelerde +3… +8 gradus aralygynda maýyl bolmagyna garaşylýar.

Welaýatda gündizki maýyllyk bolsa 17 gradusa çenli ýeter. Has takygy, ýurdumyzyň gündogar sebitinde gündizlerine +6… +11 gradusdan +12… +17 gradus aralygynda maýyl bolar.

Dünýä MÄMMETJUMAÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: