BIZE YAZYARLAR

Woleýbol boýunça Saýat etrabynyň açyk birinjiligi geçirildi

Woleýbol boýunça geçirilen Saýat etrabynyň açyk birinjiligine Lebap welaýatynyň dürli etrap-şäherlerinden jemi 14 topar gatnaşdy.

Olaryň ikisi Halaç, ýene ikisi Kerki, biri Çärjew etraplaryna, ýene biri Türkmenabat şäherine, bir topar welaýat Polisiýa müdirligine, galanlary bolsa Saýat etrabyna wekilçilik edýär.

Etrapdaky 2-nji sport mekdebiniň woleýbol meýdançalarynda geçirilen birinjilikdäki duşuşyklaryň ählisi hem diýseň gyzykly boldy. Duşuşyklaryň netijesinde polisiýa işgärlerinden düzülen woleýbolçylara taý tapylmady. Ikinji orny Çärjew, üçünji orny bolsa Türkmenabat şäherinden gatnaşan toparlar eýelediler.

Açyk birinjiligiň ýeňijilerine ýaryşy gurnaýjylar tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýeri gelende aýtsak, Saýat etrabynda woleýbolçylaryň ezber nesli kemala gelýär. Ulularyň arasynda geçirilýän şeýle täsirli we gyzykly ýaryşlar ýaş türgenleriň hem sporta bolan gyzyklanmasyny artdyrýar.

Myrat ŞAÝYMOW,

Saýat etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň müdiri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: