MEDENIÝET

«Bharatanatyam» tans topary Türkmenistanda boldy

Ýanwar aýynyň 25-inden  29-y aralygynda Hindistanyň «Bharatanatyam» tans topary Türkmenistanda boldy. Tansçylar Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hem-de Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda çykyş etdiler.

Bharatanatyam Hindistanyň nusgawy tanslarynyň ähli görnüşleriniň arasynda iň gadymysydyr. Türkmenistanyň teatrlarynda Hindistanyň «Bharatanatyam» tans toparynyň wekilleriniň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzyklanma bilen garşy aldylar.

Tans toparynyň wekilleri Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli geçirilen resmi kabul edişlik dabarasynda nusgawy tans çykyşlaryny görkezdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: