YKDYSADYÝET

2022-nji ýylda Lebap welaýatynda nah ýüplükleriň öndürilişi öňki ýyl bilen deňeşdirilende 18,9 göterim artdy

Tamamlanan ýylda nah ýüplükleriň 330,2 million manatlygy öndürildi we olar ýurdumyzyň çägindäki kärhanalara we daşary ýurtlara eksport edildi.

Ýeri gelende welaýatyň çägindäki ýeňil senagatyň kärhanalarynda geçen ýylda önümleriň jemi 1 047,6 million manatlygynyň öndürilip, öňki ýyl bilen deňeşdirilende 6 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyny bellemek ýerlikli bolar. Iberilen önümler bolsa 795,6 million manatlyga barabar bolup, bu babatda öňki ýyl bilen deňeşdirilende 26,4 göterim artyş depgini üpjün edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: