Woleýbol boýunça Dänew etrabynyň açyk birinjiligi geçirildi

Dänew etrabynyň 2-nji sport mekdebinde 2007 ― 2008-nji ýylda doglan oglanlaryň arasynda woleýbol boýunça etrabyň açyk birinjiligi geçirildi. Oňa etrabyň çäginde hereket edýän sport mekdepleriň woleýbol toparlarynyň birnäçesi gatnaşdy.

Ýaryşlaryň dowamynda ýetginjekler öz ussatlyklaryny görkezdiler. Baýrakly orunlary eýelemek ugrundaky duşuşyklaryň netijesi boýunça etrabyň 2-nji sport mekdebiniň woleýbol topary birinjiligi gazandy. Garaşsyzlyk şäherçesindäki 5-nji sport mekdebiň topary 2-nji we Seýdiniň 7-nji sport mekdebiniň türgenler topary bolsa üçünji baýrakly orunlary eýelediler. Oglanlary ýaryşa taýýarlamakda tälimçiler Genji Ýusupowa we Maksut Ýagmurowa we Aýdogdy Berdalyýewa minnetdarlyk bildirildi.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector