YKDYSADYÝET

Lebap welaýatyna «John deere» traktorlarynyň täze tapgyry gelip gowuşdy

Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine «John deere 6175M» kysymly traktorlaryň 50-si gelip gowuşdy. Ýakyn wagtlarda bolsa olaryň üstüniň ýene-de 16 traktor bilen doldurylmagyna garaşylýar.

Türkmenistanda dünýä belli bu kompaniýanyň traktorlary we kombaýnlary giňden ulanylýar. Häzriki wagtda Lebap welaýatynyň oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda bu tehnikanyň 33-si bar. Şertnama laýyklykda gelip gowuşmaly traktorlar alynandan soň bolsa olaryň sany 100-e ýakynlar.

«John deere 6175M» kysymly traktorlar gowaça we bugdaý ekilen meýdanlarda bejergi işlerini geçirmekde giňden peýdalanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: