Welaýat muzeýindäki dabara Magtymguly Pyraga bagyşlandy
Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Döwürlere, göwünlere ylhamsyň sen, Pyragy!» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de şu medeniýet ojagynyň bilelikde guran dabarasyna partiýanyň işjeň agzalary, il sylagly ýaşulular, Türkmenabatdaky orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, muzeý işgärleri gatnaşdylar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan ýyl mynasybetli guralan çärede çykyş edenler ýurtda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda buýsançly söhbet etdiler.