MEDENIÝET

Teatryň artistleri obalaryň ýaşaýjylarynyň arasynda  

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary sebitiň günorta künjeklerinde döredijilik saparynda bolýar. Olar oýunlardan bölekleri görkezýärler, monologlary ýerine ýetirýärler. Şeýle-de myhmanlar «Geliň, gülşeliň!» atly gülküli çykyşlary hem-de «Taýharjyk» atly çagalar ertekisi esasynda sahnalaşdyrylan pýesany görkezýärler.

Artistler welaýatyň Serhetabat we Tagtabazar etraplarynyň Ýeňiş, Çemenabat, Galaýmor, Ahal, Marçak geňeşliklerinde boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: