YKDYSADYÝET

«Şerbet» ýanwarda 5 tonna önüm öndürdi

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Şerbet» dükany özüniň ýokary hilli süýji-köke we tort önümleri bilen ilatyň arasynda uly meşhurlygy gazandy.

Telekeçi Bagtu Elnara öz hödürleýän önümleriniň ilhalar bolmagy üçin yhlas bilen işleýändiklerini aýdýar. Önümleri taýýarlaýan bölüm dükanyň içinde ýerleşýär. Bu bolsa alyjylaryň isleglerine görä işi guramaga şert döredýär. Işleriň sazlaşykly guralmagy netijesinde dükanda geçen ýyl 30 tonnadan gowrak süýji-köke we tort önümleri ýerlenildi. Toýlardyr dürli dabaralarda hem «Şerbetiň» önümlerine köp isleg bildirilýär. Şu ýylyň ilkinji aýynda hem islegli önümleriň 5 tonnadan gowragy öndürildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: