Saýat etrabynyň medeniýet we sungat işgärleri golaýda «Görelde» daýhan birleşiginiň pagtaçylarynyň arasynda hem boldular, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.
Günortan arakesmede oba zähmetkeşleriniň öňünde medeniýet işgäri konsert bilen çykyş etdiler. Gysga wagtlyk arakesmede pagtaçylar döwürleýin metbugat neşirleri arkaly ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän täzelikler bilen hem tanyşdylar. Öňdebaryjylara çäräni guraýjylar — Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti we beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy bolsa zähmet adamlarynda ýakymly duýgulary oýardy.