MEDENIÝET

Welaýat kitaphanasy Magtymguly Pyraga bagyşlanan maslahat geçirdi

Welaýat kitaphanasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlap «Berkarar döwleti arzuwlan akyldar» atly dabaraly maslahat geçirildi. Ony şu medeniýet ojagy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilelikde guradylar.

Maslahatda bilim işgärleri, kitaphanaçylar, ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary çykyş edip, geçen ýylda bolşy ýaly, üstümizdäki ýylyň hem türkmen halky üçin taryhy wakalara, zähmet ýeňişlerine baý ýyl boljakdygyny bellediler. Şonuň ýaly-da olar şu ýyl akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde uludan belleniljekdigini, nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasynyň ýaş nesli watansöýüjilik, lebzihalallyk, merdanalyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini buýsanç bilen nygtadylar. Maslahatda Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlaryndan bentler labyzly okaldy.

Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleri tarapyndan «Magtymguly Pyragy söz äleminiň danasydyr» atly kitap sergisi hem guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: