JEMGYÝET

Täze halkara uçuşlaryň başlanjak günleri belli boldy

Aşgabatdan Malaýziýanyň Kuala-Lumpur, Saud Arabystanynyň Jidda, Italiýanyň Milan we Wýetnamyň Hoşimin şäherlerine ýola goýuljak täze halkara howa gatnawlarynyň başlanjak günleri belli boldy.

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýty täze halkara uçuşlary aşakdaky günlerde başlamagy meýilleşdirýär:

Aşgabat – Kuala-Lumpur — Aşgabat, hepdede iki gezek, sişenbe we penşenbe günleri, uçuşlar 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan başlanylar;

Aşgabat – Jidda — Aşgabat, hepdede üç gezek, sişenbe, çarşenbe we anna günleri, uçuşlar 2024-nji ýylyň 16-njy fewralyndan başlanylar;

Aşgabat – Milan — Aşgabat, hepdede 1 gezek, çarşenbe güni, uçuşlar 2024-nji ýylyň 6-njy martyndan başlanylar;

Aşgabat – Hoşimin — Aşgabat, hepdede iki gezek, sişenbe we penşenbe günleri, uçuşlar 2024-nji ýylyň 7-nji martyndan başlanylar.

Şeýlelikde, bu ýyl «Türkmenistan» awiakompaniýasy 12 ýurduň şäherlerine 14 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: