MEDENIÝET

Hojambazda Magtymguly Pyraga bagyşlanan maslahat geçirildi

Hojambaz etrabynyň jemgyýetçilik guramalary etrap bilim bölümi bilen bilelikde «Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly maslahat geçirdi. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu maslahat üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagyna bagyşlanyldy. 

Maslahata etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz, öňdebaryjy oba hojalykçylar hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Aýdym-sazly maslahatyň dowamynda çykyş edenler bütindünýä akyldarynyň şanyna yglan edilen ýylyň mynasyp wakalar, hoş habarlar bilen başlanandygyny nygtadylar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň beýleki etrap-şäherlerinde bolşy ýaly, Hojambaz etrabynda hem şanly ýyly zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda mynasyp işler alnyp barylýar.

Dabaranyň dowamynda etrap medeniýet merkeziniň aýdymçylary akyldar şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler hem-de goşgularyny labyzly okadylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: