Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Üzüm ýygymyna badalga berildi

Aug 31, 2021

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň üzümçi kärendeçileri her gün harmana 100 tonna ýetirip hasyl tabşyrýarlar.

Hojalykda üzüm ýygymyna 25-nji awgustda girişildi, bu möhüm oba hojalyk möwsümi sentýabr aýynyň ahyryna çenli dowam eder.

Ýeri gelende aýtsak, daýhan birleşigindäki üzüm baglary 320 gektara uzaýar. Olar ýedi toparda işleýän 400-e golaý kärendeçä paýlanyp berilipdir.

Adblock
detector