YKDYSADYÝET

Köneürgenjiň ilaty içimlik suw bilen üpjün edilýär

Daşoguz welaýatynyň «Köneürgençagyzsuw» müdirliginde geçen ýylyň dowamynda 737 müň kub metrden gowrak içimlik suw taýýarlanyldy we ilata ýetirildi. Netijede ýyllyk meýilnama artygy bilen berjaý edildi.

Müdirligiň garamagyndaky desganyň önümçilik kuwwaty  gije-gündiziň dowamynda 27 müň kub metr arassa agyz suwuny taýýarlamaga niýetlenendir. Ol Köneürgenç etrabynyň merkeziniň, şeýle-de etrabyň Akýol geňeşliginiň Zaman, Eýmir, Paltagaçan obalarynyň, Täze ýol geňeşliginiň Gazakýer obasynyň ilatyny içimlik suw bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Suw 15 sany dikguýudan alynýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: