YKDYSADYÝET

Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginde meýilnama 107,7 göterim berjaý edildi

Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginde ýylyň başyndan bäri 11 million 400 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, meýilnama 107,7 göterim berjaý edildi.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, kärhanada önümçiligiň ähli görnüşleri boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýokary ösüş gazanyldy. Önümleriň aglaba bölegi buýurmalar esasynda taýýarlanylýar. Häzirki wagtda fabrikde 200-e golaý görnüşli tikin önümleri öndürilýär. Bu ýerde çagalar üçin tikilýän egin-eşikler, dürli möçberdäki ýorgan-düşekler ilat arasynda ýokary islegden peýdalanýar. Şeýle ýokary önümçilik netijesini gazanmak, ýokary hilli önüm öndürmek üçin fabrige häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalar ornaşdyryldy. Önümleriň hil we mukdar derejesi hemişe gözegçilikde saklanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: