BILIM

Usuly-amaly okuwlar geçirilýär

  Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek, umumybilim edaralarynda ýolbaşçylygyň hem-de okuw we terbiýeçilik işiniň ýola goýluşyny kämilleşdirmek maksady bilen usuly-amaly okuwlar geçirildi.

  Okuwlarda umumybilim berýän edaralarynyň müdirleriniň we orunbasarlarynyň alyp barýan işleri, mugallymlaryň işine gözegçiligiň amala aşyrylyşy, olaryň sapaklara taýýarlyklaryny kämilleşdirmegiň ýollary we usuly kömegiň berlişi, sapaklarda sanly serişdelerden, okatmagyň häzirkizaman usullaryndan, okuw-görkezme esbaplaryndan netijeli peýdalanylyşy, sapak ýazgylarynyň, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň degişli gözükdirijiniň talaplaryna laýyklykda taýýarlanylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: