BILIM

Mekdep okuwçylarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bilelikde yglan eden bäsleşigine deslapky tapgyrlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçylar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň goşgusyny ýatdan, labyzly ýerine ýetirmekde we akyldar şahyra bagyşlap öz döreden goşgusyny okamakda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykardylar. Zehinli okuwçylar şeýle-de akyldar şahyryň şygyrlarynyň many-mazmunyny gysgajyk sahnalaryň, wideoýazgylaryň üsti bilen açyp görkezdiler.

Netijede, Halaç etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň okuwçysy Halyl Durdyýew, Türkmenabat şäherindäki 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Didar Saryýew, Türkmenabat şäherindäki 25-nji orta mekdebiň okuwçysy Enejan Nepesowa dagy üstünlikli çykyş etdiler we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: