Ýaş kitaphanaçylar bäsleşdiler
Arkadag şäherinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli ýaş kitaphanaçylaryň arasynda “Watanyň geljegi bagtyýar ýaşlar” atly bäsleşik geçirildi. Oňa ýurduň ähli sebitlerinden we Aşgabat şäherinden kitaphanaçylar gatnaşdylar.
Bäsleşik ýedi şertden ybarat bolup,onda kitaphanaçylar öz hünär ugurlary boýunça sowallara jogap berdiler, sahna ussatlyklaryny görkezdiler. Şunlukda Lebap welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülälek Batyrowa ikinji orna mynasyp boldy.
Bäsleşigiň çäklerinde ýurduň dürli sebitlerinden ýygnanan kitaphanaçylar Arkadag şäherine gezelenç etdiler. Şeýle hem olara Döwletmämmet Azady adyndaky şäher kitaphanasynda döredilen döwrebap şertler bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döredildi.