“Çelsi” öz futbolçysyny yzyna gaýtarmak isleýär. Habarlara görä, “Çarlton Atletik” toparynyň hüjümçisi Maýlz Lebern APL klubynyň nyşanynda durýar. 19 ýaşly hüjümçi “Çelsi” akademiýasyndan çykypdy.
Lebern bu möwsüm 10 oýunda meýdana düşüp, 6 pökgi geçirdi. Onuň bilen “Brentford” hem gyzyklandy.
