JEMGYÝET

Nowruz baýramyna bagyşlanan söhbetdeşlik geçirildi

Lebap welaýatynyň Farap etrap merkezi kitaphanasynda «Bagtyýar ilime Nowruz gelipdir!» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Oňa kitaphananyň Osty obasyndaky we Jeýhun şäherçesindäki şahamçalarynyň işgärleri, okyjylar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Nowruz baýramynyň döreýşi, onuň bilen baglanyşykly däp-dessurlar, bellenilişi barada maglumatlar berildi. Nowruz barada ýazylan kitaplardan parçalar okaldy.

Şonuň ýaly-da, çärä gatnaşyjylar bu ýerde guralan tematiki sergi bilen tanyşdylar. Onda dürli ýyllarda çap edilen kitaplar, Nowruz barada makalalar çap edilen žurnallar we gazetler, fotosuratlar goýlupdyr. Bu baýramçylykda bişirilýän tagamlar bilen bezelen saçak hem milli däp-dessurlaryň birini açyp görkezdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: