YKDYSADYÝET

«Uly çynar» hojalyk jemgyýeti plastik gaplaryň gapaklaryny eksport edýär

«Uly çynar» hojalyk jemgyýeti plastik gaplaryň gapaklarynyň we tutawaçlarynyň önümçiliginiň gerimini has-da artdyrýar.

Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşip, ol ýerde plastik gapaklaryň önümçiliginden başga-da, güberçek gatlaklary çykarýan bölümi hem hereket edýär. Köpugurly önümçilikde ýerli we daşary ýurt çig malyndan peýdalanylýar.

2018-nji ýylda «Uly çynar» hojalyk jemgyýeti halkara ISO güwänamasyna hem mynasyp boldy. Kärhananyň PET (polietilentereftalat) übtükleriniň önümçiligini alyp barýandygy hem bellärliklidir. Häzirki wagtda «Uly çynar» hojalyk jemgyýeti Özbegistan Respublikasyna, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine, Gazagystan Respublikasyna plastik gapaklaryň eksportyny amala aşyrýar. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: