YKDYSADYÝET

«Mizemez gadam» hususy kärhanasy izogammy we suwuk bitum mastikasyny eksport etdi

«Mizemez gadam» hususy kärhanasy ýylyň başyndan bäri 158,5 müň inedördül metrden gowrak izogammy we 607,5 tonna suwuk bitum mastikasyny daşary ýurtlara ugratdy. Bu önümleri kärhananyň geçen ýyllardaky hyzmatdaşlary özbegistanly we türkiýeli işewürler satyn aldylar.

Hususy kärhanada ýylyň başyndan bäri izogammyň 270 müň inedördül metrini, suwuk bitum mastikasynyň bolsa 100 tonnasyny öndürdiler. Bu ýerde geçen ýyl izogammyň 2750 müň inedördül metrini we suwuk bitum mastikasynyň 5500 tonnasyny öndüripdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: