YKDYSADYÝET

Owlak-guzy möwsümine girişildi

Daşoguz welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Garagum çölüniň jümmüşinde zähmet çekýän maldarlary dowarlary gyşdan abat we sagdyn alyp çykmak bilen birlikde, owlak-guzy almak möwsümine hem doly taýýarlykly girişdiler. Bu barada «Daşoguz habarlary» gazeti habar berýär.

Dowardarlar hasapda durýan  43089 ene dowardan 36002 owlak-guzy almagy göz öňünde tutup, ähli güýçlerini bu işe sarp edýärler. Bu ugurdaky degişli işleri talabalaýyk amala aşyrmak üçin maldarçylyk hojalyklarynda ýörite toparlar döredildi we olar sürülere berkidildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: