YKDYSADYÝET

«Bäherden» sement zawodynda 183,3 göterim ösüş depgini gazanyldy

Bäherden etrabyndaky «Bäherden» sement zawodynda üstümizdäki ýylyň geçen 9 aýynda 739 müň tonna golaý ýokary hilli sement öndürildi. Manat hasabynda alanyňda, munuň özi ol ýerde ýanwar — sentýabr aýlary aralygynda 148 million 370 müň manatlykdan gowrak ýokary hilli gurluşyk serişdesi bolan sementiň öndürilendigini aňladýar. Şeýlelikde, kärhananyň önümçilik işinde bu babatda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 183,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolan bu kärhananyň bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri uly meşhurlyga eýedir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: