JEMGYÝET

Türkmenabat şäherinde agaçlara garaşyk edilip başlandy

Bahar aýynyň gelmegi bilen Türkmenabat şäherinde bar bolan agaçlara garaşyk edilip başlandy. Guran, şonuň ýaly-da, ulaglaryň geçmegine we pyýadalaryň ýöremegine päsgel berýän şahalar aýrylýar, agaçlaryň düýbi ýumşadylýar.

Kommunal gullugyň hünärmenleri köçeleri ikä bölýän zolaklarda oturdylan bezeg agaçlaryna hem ideg edýärler. Bu işleriň ählisi 20 martda geçiriljek ählihalk bag ekişligine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýar. Bu  işler Lebap welaýatynyň ähli ýerlerinde hem alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: