Amyderýanyň kenaryndaky tokaýlyklarda sugunlaryň, bürgütleriň we hüwüleriň sany artýar
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň çäklerindäki tokaýlyklarda köpsanly ýabany haýwanlaryň, aýratyn-da, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen tokaý sugunlarynyň, bürgütleriň, hüwileriň sany ep-esli artdy.
Bu ýerdäki tokaýlaryň esasy bölegi goralýan Nargyz, Gabakly we Görelde bölümleriniň çäklerine girýär. Olaryň ösümlik dünýäsi örän baýdyr. Mysal üçin, Nargyz tokaýynda ösümlikleriň 80 görnüşi ösýär. Bu çäkde ösýän igde agaçlarynyň miweleri tokaý haýwanlary bolan sugunlara, şagallara, tilkilere, dürli guşlara iýmit bolup hyzmat edýär.
Tokaýlary ygtybarly goramak, olary has-da baýlaşdyrmak goraghananyň işgärleriniň işiniň esasy ugruny düzýär. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda hem tokaýlyklaryň tutýan meýdanlaryny giňeltmek, olaryň goragyny we gözegçiligini güýçlendirmek bellenilýär. Goraghananyň döwlet inspektorlary tokaýlary aw awlamak, mal bakmak, miwe ýygmak ýaly maksatly kanuny bozujylardan berk goraýarlar.