JEMGYÝET

Lebaply harby gullukçy Türkmenistanda «Ýylyň zenany» bäsleşiginde ýeňiji boldy

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Ýylyň zenany» Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda jemlenýän bu bäsleşige Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan dürli kärde zähmet çekýän ukyp-başarnykly, guramaçy zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň döwlet tapgyrynda 7 ugur boýunça ýeňijiler yglan edildi.

Onda «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky harby bölümiň komendant rotasynyň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, uly leýtenant Gülistan Şerapowa «Ýylyň watançy zenany» diýlip yglan edildi.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan  Hormat hatlary we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: