JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilenleriň 300-den gowragynyň günäsini geçdi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi.

Resminamada beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli şunuň ýaly karara gelinendigi bellenilýär. Permana laýyklykda, günäsi geçilen raýatlaryň 308-si mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: