YKDYSADYÝET

«Mizemez gadam» Täjigistana izogam eksport eder

«Mizemez gadam» hususy kärhanasynda öndürilýän izogamy ýakyn geljekde Täjigistanana-da eksport etmek ýola goýulýar. Bu barada ýakynda  Duşenbe şäherinde geçirilen türkmen-täjik işewürlik forumynda ylalaşyga gelindi ― diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýty habar berýär.

Indi 30 ýyla golaý wagtdan bäri Çärjew etrabynda üstünlikli işläp gelýän hususy kärhana häzirki wagtda önümlerini Özbegistana, Azerbaýjana we Türkiýä eksport edip gelýär. Indi bolsa täjigistanly işewürler bu hususy kärhanadan izogamyň müňlerçe inedördül metrini satyn almak isleýärler.

«Mizemem gadam» gurluşyk serişdelerini öndürmek bilen hem çäklenmän, iri gurluşyklary hem alyp barýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: