YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda süýdüň öndürilişi artdyrylýar

Lebap welaýatynyň ähli hojalyklarynda şu ýylyň tamamlanan on bir aýynda süýdüň 551,4 müň tonnasy öndürilip, bu görkeziji boýunça geçen ýylyň degişli döwründen öňe geçildi.

Ilat üçin bu zerur önümi öndürmekde Saýat etrabynyň maldarlary öňbaşçylyk edýärler. Olar tarapyndan ýylyň geçen döwründe süýdüň 115,8 müň tonnasy öndürildi we geçen ýylyň ýanwar ― noýabr aýlaryna görä 3,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Munuň özi welaýatda iň ýokary görkezijidir. Häzirki wagtda etrapda gara mallaryň 99,4 müň başy idedilýär. Öndürilýän önümleriň aglaba bölegi hususy hojalyklaryň paýyna düşýär.          

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: