Lebap welaýatynyň hojalyklarynda ýeralmanyň hasyly ýetişýär

Lebap welaýatynyň daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalyklarynda ýeralma garaşyk etmek soňky tapgyrlarynda dowam edýär. Bu ekiniň hasylynyň köpçülikleýin ýygnalyp başlanmagyna az wagt galdy.

Şu ýyl welaýatyň hojalyklarynda 1400 gektar meýdana bu azyklyk ekin ekilip, onuň her gektaryndan 140 sentnerden hasyl almak göz öňünde tutulýar. Şonda umumy ýygnaljak ýeralmanyň mukdary 19 müň 600 tonna ýeter. Ekiniň häzirki ýagdaýy daýhanlaryň bu sepgide ýetjekdiklerine ynam döredýär.

Ýeralma welaýatyň 9 etrabynda ýetişdirilýär. Çärjew etrabynda ol has köp meýdany — 400 gektar tutýar. Dänew etrabynda 380 bolsa gektarda ýetişdirilýär, Saýat we Halaç etraplarynyň her birinde 200 gektar ýere ýeralma ekildi. Bu we beýleki etraplarda ekinlere ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyk alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector