Angliýanyň «Çelsisi» we Ispaniýanyň «Wilýarrealy» çempionlar futbol Ligasynyň dörtden bir finalyna çykanlaryň soňkulary boldular. Bu barada Russiýanyň «Новости» habarlar agentligi ýazýar.
Geçen çarşenbede 1/8 finalynyň soky duşuşyklary geçirildi. Onda «Çelsi» myhmançylykda Fransiýanyň «Lill» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy (birinji duşuşyk — 2:0). «Wilýarreal» hem myhmançylykda Italiýanyň «Ýuwentusuny» 3:0 hasap bilen utdy (birinji duşuşyk — 1:1).
Ozal iki duşuşygyň jemleri boýunça Angliýanyň «Liwerpuly» we «Manester Sitisi», Ispanyýanyň «Atletikosy» we «Realy», şonuň ýaly-da nemesleriň «Bawariýasy» we portugallaryň «Benfikasy» 4/1 finalda oýnamaga hukuk gazanypdylar.
Dörtden bi finalyň bijesi 18 martda geçiriler. Birinji oýunlar 5-nji we 6-njy aprelde, jogap oýunlar 12-nji we 13-nji aprelde geçiriler.

