SPORT WE SYÝAHAT

Çärjewli tälimçi Türkmenistanyň basketbol ýygyndysy üçin türgenleri taýýarlaýar

 Çärjew etrabyndaky 4-nji sport mekdebiniň basketbol boýunça 1-nji derejeli tälimçisi Jumakuly Durdyýew 10 ýyldan bäri ýaşlara basketbol boýunça tälim berip gelýär.

 Ol sport mekdebinde toparlaryň 3-sinde türgenleriň 40-a golaýyna basketbol oýnunyň düzgün-tärlerini öwredýär. Tälimçiniň işine içgin we jogapkärçilikli çemeleşýändigini türgenleriň yzygiderli gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem görmek bolýar.

 Geçen ýyl erkekleriň arasynda welaýatyň kubogyny we birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşlarda Jumakulynyň ýolbaşçylygyndaky topar ýeňiji boldy.

  Şeýle hem bu topar basketboluň kiçi görnüşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde üçünji, 3X3 görnüşi boýunça bolsa birinji orunlary eýeledi.

  Ussat tälimçiniň şägirtleri bu ýeňişlerini üstümizdäki ýylda hem dowam edýärler. Olar şu ýylyň fewral aýynda basketboluň 3X3 görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak boýunça guralan ýaryşda we ýetginjeklerden düzülen toparlaryň arasynda geçirilen çempionatda ikinji orna mynasyp boldular.

 Onuň türgenleriniň birnäçesi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda okuwlaryny dowam etdirýärler. Geçirilýän ýaryşlarda öz ezberligi bilen deň-duşlaryndan tapawutlanýan Atakuly Haýdarow bolsa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde halkara ýaryşlarynda hem üstünlikli çykyş edip gelýär. Nurmurat Geldimyradow, Aziz Röwşenow dagy welaýatyň ökde basketbolçylarynyň sanawynyň başyny çekýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: