Boks boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 8-nji sport mekdepde boks boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Oňa 2010 ― 2011-nji ýylda doglan oglanlaryň 149-sy gatnaşdy.

Türgenler jemi 15 agram derejesi boýunça ýaryşdylar. Duşuşyklaryň dowamynda türkmenabatly ýetginjekler iň gowy netijeleri görkezdiler. Şeýlelikde, Türkmenabat şäheriniň topary birinji orny eýeledi. Ýaryşyň netijeleri boýunça ikinji baýrakly orna Döwletli etrabynyň topary mynasyp boldy. Köýtendag etrabynyň türgenleri üçünji orny gazandylar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector