SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatly futbolçy milli ýygynda çagyryldy

Türkmenabatly futbolçy Meýlis Durdyýew Dünýä çempionaty ― 2026-nyň we Aziýanyň kubogy ― 2027-niň saýlama tapgyrynyň çäklerinde şu gün Aşgabatda Eýranyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyk üçin baş tälimçi Mergen Orazow tarapyndan Türkmenistanyň milli ýygyndysyna çagyryldy.

Häzirki wagtda «Arkadag» futbol toparynda çykyş edýän Meýlisiň şu gün agşam sagat 20:00-da başlanjak duşuşykda milli ýygyndynyň goragynda çykyş etmegine garaşylýar.

Meýlisiň geçen ýyl «Arkadag» futbol topary bilen Türkmenistanyň çempiony bolandygyny we ýurduň Kubogyny gazanandygyny ýatladýarys. Meýlis Türkmenabat şäherindeki 14-nji sport mekdebiniň uçurymydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: