JEMGYÝET

«Türkmenhowaýollary» Moskwadan Aşgabada uçar gatnawlaryny dikelder

Russiýa Federasiýasynyň syýahatçylyk operatorlary assosiasiýasynyň habar bermegine görä, «Türkmenhowaýollary» agentligi 27-nji martdan Moskwa — Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawlaryny dowam etdirip başlar. 27-nji martdan başlap, Russiýadan Türkmenistana ýolagçylar hepdede ýedi gezek uçar, diýip, «salamnews.tm» ýazýar.

Habarda bellenişi ýaly, rus raýatlarynyň mart aýynda göni syýahat edip biljek 15 ýurdy kesgitlendi. Sanawda Türkmenistan bilen bir hatarda Ermenistan, Bahreýn, Belarus, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Katar, Gyrgyzystan, Marokko, BAE, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe, Şri-Lanka hem bar.

Girizilen çäklendirmeler bilen bagly, Ýewropa Bileleşigine degişli ýurtlaryň hemmesiniň diýen ýaly rus awiakompaniýalary üçin howa ýollarynyň ýapykdygy habarda bellenýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: