SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň wekili Tokioda geçiriljek Olimpiadada eminlik eder

«Watan» gazeti Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi Çarygeldi Mämmedowa Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika ýaryşlaryna eminlik etmegiň ynanylandygy barada ýazýar.

Türkmenistanyň wekiliniň agyr atletika boýunça ýaryşlara eminlik etmegi tomusky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezekdir. Çarygeldi Mämmedowyň 2017-nji ýyldan bäri dünýä we Aziýa çempionatlarynda, şeýle hem ençeme iri halkara ýaryşlarynda emin bolup, Türkmenistana mynasyp wekilçilik etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: