Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Ýewro-2020: Ukraina 120-nji minutda gol geçirip, Şwesiýadan üstün çykdy

Jun 30, 2021

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň 1.8 final tapgyrynda Ukrainanyň milli ýygyndysy Şwesiýadan üstün çykdy. Glazgoda (Şotlandiýa) geçirilen duşuşyk 120 minut dowam etdi we 1:2 hasabynda tamamlandy.

Oýnuň esasy wagtynyň 27-nji minudynda ukrainalylaryň ýarymgoragçysy Aleksandr Zinçenko hasaby açdy. Şwesiýalylardan hüjümçi Emil Forsberg 43-nji minutda hasaby deňledi. Ýeňiş goluny eýýäm goşmaça wagtyň soňky pursatlarynda (120+1) Artýom Dowbik geçirdi.
Oýnuň 99-njy minudynda Şwesiýanyň ýarymgoragçysy Markus Danielsson gyzyl duýduryş aldy.
Belläp geçsek, Ukraina Ýewro-2020-niň pleý-off tapgyryna C toparda Awstriýadan we Niderlandlardan utulyp, üçünji ýerden çykdy. Şwesiýa E toparda Ispaniýany, Slowakiýany we Polşany öňürdip, birinji orny aldy.
1/4 finalda Ukraina Angliýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.