Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Hazaryň türkmen kenarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogy guralar

Jul 20, 2021

6-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogy ýokary derejede geçiriler. Duşuşyga daşary ýurtlaryň wekilleriniň hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Bu çäräniň esasy maksady gender deňligini üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasata syn bermek hem-de sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň arasynda durmuş-ykdysady, saglygy goraýyş, medeni we ylmy ugurlar boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen gepleşikleri ilerletmek bilen bagly meselelere garamakdan ybaratdyr.
Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa forumyň maksatnamasy barada maglumat berip, myhmanlar üçin türkmen amaly-haşam sungatynyň hem-de sebitiň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisiniň we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça gezelenjiň guraljakdygyny aýtdy.

Adblock
detector